“Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň italýan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy

 2021-nji ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň  Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň italýan dilinde çapdan çykan neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä akkreditirlenen diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň  ýolbaşçylary we wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary we talyplary, ýurdumyzdaky habar beriş serişdeleriniň žurnalistleri gatnaşdylar. Şol sanda bu çärä Italiýa döwletinden hem wekiller wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşyp çykyş etdiler.

 Tanyşdyrylyş dabarasynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “ Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň italýan dilinde neşir edilmegine bagyşlanan dabaryly çykyşlar boldy. Kitabyň tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu täze binýatlaýyn  eseriniň türkmen halkynyň geçen taryhy ýoluna dogruçyl baha bermäge, halkyň milli we medeni özboluşlylygy, däp-dessurlary bilen içgin tanyşmaga hem-de türkmen halkynyň dünýäniň ykdysady, ylmy we medeni ösüşine goşan bimöçber goşandyna göz ýetirmäge ýardam edýär diýip aýratyn bellediler.

 Mälim bolşy ýaly, Milletiň Lideriniň bu eseri türkmen halkyna mahsus bolan ynsanperwerligiň, Watana ygrarlylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň naýbaşy ýörelgelerini giňden açyp görkezýär. Bu kitabyň italýan dilinde neşir edilmegi hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejeliligini görkezmek bilen, italýan dilli okyjylara türkmen halkynyň baý medeneýeti, özboluşly ruhy dünýäsi we gymmatlyklary hakda giňişleýin öwrenmäge hem uly ýardam berer. Iki döwletiň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam eder.


Aýmaral IŞANGULYÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň 

 Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.