Beýik şahsyýetiň mirasyna bagyşlanan türkmen-özbek duşuşygy

 Şu gün 17-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda beýik taryhy şahsyýet, şahyr-filosof hem-de görnükli döwlet işgäri Zahiriddin Muhammad Babyryň doglan gününiň 538 ýyllygyna bagyşlanan onlaýn-brifing geçirildi.

 Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guralan duşuşyga iki ýurduň diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, professor-mugallymlary hem-de talyplary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

 Brifingde Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi,  Özbegistanyň DIM-niň dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýasy uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary unstitutynyň rektorlary çykyş etdiler. Olaryň belleýşi ýaly, Gündogar edebiýatynyň görnükli wekili Zahiriddin Muhammad Babur dünýä edebiýatynyň gaznasyna uly goşant goşan şahsyýetdir. Onuň galdyran mirasy gazallaryň 119-syndan, rubagylaryň 200-sinden we beýleki eserlerden ybaratdyr. Türkmen şahyrlary we döwlet işgärleri Baýram han we onuň ogly Abdyrahym beýik şahsyýetiň esaslandyran Mogollar döwletinde taryhy yz goýupdyrlar. Babyryň ömri we döredijiligi Özbegistanyň çäklerinden daşarda hem ençeme ýurtlarda giňden öwrenilýär.

 Halkara gatnaşyklary institutynyň rektorynyň belleýşi ýaly, iki ýurduň dünýä taryhyna uly täsirini ýetiren medeni we taryhy mirasy häzirki döwürde iki dostlukly halkyň goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar.

 Brifingde çykyş edenler medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny nygtadylar.

Jemile Pürjäýewa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy