Türkmen talyplarynyň halkara matematika olimpiadasyndaky nobatdaky üstünlikleri

 2021-nji ýylyň 5–8-nji maý aralygynda onlaýn Halkara matematika olimpiadasy geçirildi. Oňa dürli ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň 18-sinden 600-den gowrak talyp, şol sanda, ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Türkmen döwlet energetika institutynyň, S.A.Nyýazow adyndaky oba hojalyk uniwersitetiniň, Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar institutynyň wekilleri gatnaşdylar.

 Ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen bu halkara bäsleşiginde institutymyzyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň  3-nji ýyl talyby A.Tirkeşow birinji orna, şu fakultetiň 2-nji ýyl talyby M.Hojamyradow we 1-nji ýyl  talyby A.Ballyýewa üçünji orunlara mynasyp boldular.


Ogulşat GELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara ykdysady gatnaşyklary

 fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.