Türkmen Garaşsyzlygy dünýä metbugatynda

2021-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli daşary ýurtlarda çap edilen žurnallaryň tanyşdyrylyş dabarasy bolup geçdi. Oňa ýurdumyzyň metbugat neşirleriniň baş redaktorlary, Daşary işler ministrliginiň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary,  professor mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Şeýle-de tanyşdyrylyş dabarasyna daşary ýurt žurnallarynyň baş redaktorlary wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew, «Türkmenistan» gazetiniň baş redaktory Kakamyrat Rejepow, «Türkmen dünýäsi» gazetiniň baş redaktory Batyr Myradow, «Zenan kalby» žurnalynyň baş redaktory Maýsa Taýjykowa hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Durmuş-ynsanperwerlik bilimleri fakultetiniň dekany Habib Halmammedow dagy çykyş edip, olar öz çykyşlarynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň daşary ýurt neşirleriniň ýörite sanlary arkaly ýaýbaňlandyrylmagynyň ata Watanymyzyň at-owazasynyň dünýä ýüzünde has-da belende göterilýändiginiň nobatdaky subutnamasydygyny nygtadylar. Şeýle-de dabarada wideoaragatnaşyk arkaly Türkiýe Respublikasynyň «Ýerli düşünce» žurnalynyň baş redaktory, Türkiýäniň Adalat we Ösüş partiýasynyň Ordu şäheri boýunça deputaty Metin Gündogdynyň, Türkiýe Respublikasynyň «Istanbool Today» žurnalynyň baş redaktory Haýrettin Turanyň, Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy, Awstriýa Respublikasynyň «Galkynysh» žurnalynyň baş redaktory Neda Bergeriň, Hindistan Respublikasynyň «Business Central Asia» žurnalynyň redaktory Inderwir Singhiň, Türkiýe Respublikasynyň «Ýerli düşünce» žurnalynyň redaksion toparynyň agzasy, Türkiýäniň Prezidentiniň Baş geňeşçisi Ýalçyn Topçynyň hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň «The Diplomatic Insight» žurnalynyň baş redaktory Muhammad Asif Nuruň çykyşlary diňlenildi. Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda syýasatda, ykdysadyýetde, ylymda we medeniýetde ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler hem-de hemişelik Bitaraplyk derejämizden ugur alýan daşary syýasatymyzyň sebitde parahatçylygy üpjün etmekdäki ähmiýeti barada aýratyn durlup geçildi.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar tarapyndan ata Watanymyzyň at-abraýyny dünýä ýaýmakda taýsyz tagallalary alyp barýan, halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň adyna çäksiz sagbolsunlar aýdyldy. 

Mätgurban MÄTGURBANOW, 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.