Öňüni alyş diplomatiýasynyň Ýaş ilçileriniň onlaýn-duşuşygy

 2021-nji ýylyň 26-njy maýynda  “Öňüni alyş diplomatiýasynyň Ilçisi” atly bäsleşigiň ýeňijileri üçin ilkinji onlaýn-okuw sapagy geçirildi. Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit Merkezi  tarapyndan  guralan bu  okuwa Merkezi Aziýa ýurtlaryndan hem-de Owganystan döwletinden wekilleriň 36-sy gatnaşdy. Şeýle hem bu okuw sapagyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrligniň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary Atajan Rozybaýew we Serdar Rahymow gatnaşdylar.

 Onlaýn-duşuşygyň başynda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit Merkeziniň başlygy Natalia German giriş sözi bilen çykyş etdi. Soňra okuw sapagynyň barşynda çykyş edenler öz öňlerinde goýan durmuş maksatlary barada gürrüň berdiler. Öňüni alyş diplomatiýasynyň Akademiýasynyň uçurymlary bolsa foruma gatnaşyjylar bilen  öz baý tejribelerini paýlaşdylar. Şeýle hem bu Akademiýanyň işgäri Aziz Kuliýew  çärä gatnaşyjylary Öňüni alyş diplomatiýasynyň möhüm ugurlary bilen tanyşdyrdy. Duşuşygyň dowamynda  oňa gatnaşyjylar her dürli synag soraglaryna jogap berdiler.

Atajan ROZYBAÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligniň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň 

 Halkara hukugy fakultetiniň III ýyl talyby.