Meýletinçiler üçin okuw maslahaty

2021-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň bilelikde “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen sanly ulgam arkaly yzygiderli alnyp barylýan okuw maslahatynyň nobatdaky sany geçirildi.

Bu okuw maslahatyny Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekili alyp bardy. Ol ýaşlaryň kanunçylyk babatda sowatlylygyny, birek-birege hoşniýetli gatnaşyklary, ynsanperwerlik gymmatlylygyny wagyz etmekde ýaş meýletinçileriň orny barada täsirli çykyş etdi. Onuň çykyşy talyp ýaşlaryň gyzykly sowal-jogap alyşmalary bilen utgaşdy.


Dünýägözel ÇARYÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara

 žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.