HALKARA HYZMATDAŞLYGA BAGYŞLANYP GEÇIRILEN OKUW SAPAGY

 2021-nji ýylyň 18-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda  “Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk”  atly tema bagyşlanyp wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly onlaýn okuw sapagy geçirildi. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň geçirýän toplumlaýyn onlaýn sapaklaryň çäginde guralan bu okuwa Türkmenistanyň Özbegistandaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýazguly Mämmedow  we Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary gatnaşdylar.  Sapak ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň diplomatiýa bilen bagly bilim derejelerini has-da kämilleşdirmek maksady bilen guraldy.

 Okuw sapagynda çykyş eden hormatly ilçi Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky döwletara gatnaşyklarynda häzirki döwürde bu iki ýurduň alyp barýan syýasy gatnaşyklary we ykdysady hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi. Söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy berkitmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hem-de Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman halkara ulag üstaşyr geçelgesi boýunça işleri durmuşa geçirmegi çaltlandyrmak, ulag-kommunikasiýa ulgamlaryndaky alnyp barylýan işleriň ähmiýeti barada belläp geçdi.

 Duşuşygyň ahyrynda talyplar ilçä Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge gönükdirilen sowallary berdiler we bu ugurda özara pikir alyşdylar.

 

Şemşat JEPBAROWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

  Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.