Täsirli onlaýn sapaklar dowam edýär

 2021-nji ýylyň 21-nji iýunynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Annamämmet Annaýew Türkmenistanyň Daşary Işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplaryna wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly okuw sapagyny geçirdi. Bu okuw sapagy Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan gurnalýan toplumlaýyn onlaýn sapaklarynyň nobatdakysy bolup, institutyň talyplarynyň diplomatiýa bilen bagly bilim derejesini has hem kämilleşdirmek maksady bilen geçirilýär.

 Okuw sapagynyň dowamynda hormatly ilçi Türkmenistanyň we Rumyniýanyň arasynda ulag diplomatiýasy ugrunda hyzmatdaşlyk barada giňişleýin maglumat berdi. Okuw sapagynda çykyş eden hormatly ilçi ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň taryhy, şol geçen taryhy döwürde alnyp barlan hyzmatdaşlygyň aýratynlyklary hakynda gürrüň berdi.

 Okuw sapagynyň ahyrynda talyplar hormatly ilçä Türkmenistanyň we Rumyniýanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen sowallary berdiler we bu ugurda özara pikir alyşdylar.

Guwanç SERDAROW,

Türkmenistanyň Daşary Işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.