Täsirli onlaýn sapaklar

 2021-nji ýylyň 21-nji iýunynda Türkmenistanyň Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atageldi Haljanow Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplaryna wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly okuw sapagyny geçirdi. Bu okuw sapagy Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan gurnalýan toplumlaýyn onlaýn sapaklarynyň nobatdakysy bolup, institutyň talyplarynyň diplomatiýa bilen bagly bilim derejesini has hem kämilleşdirmek maksady bilen geçirilýär.

 Okuw sapagynyň dowamynda hormatly ilçi Şweýsariýanyň bitaraplyk syýasatynyň halkara gatnaşyklaryndaky orny barada giňişleýin maglumat berdi. Okuw sapagynda çykyş eden hormatly ilçi dostlukly ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň taryhy, şol geçen taryhy döwürde alnyp barlan diplomatik hyzmatdaşlygyň aýratynlyklary hakynda gürrüň berdi. Hormatly ilçi, şeýle hemsöwda-ykdysady, ýangyç-energetika we ynsanperwer ulgamlary, oba hojalygy, sport we syýahatçylyk ýaly ugurlarda gatnaşyklary giňeltmek meseleleri barada-da durup geçdi.

 Okuw sapagynyň ahyrynda talyplar hormatly ilçä iki dostlukly ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen sowallary berdiler we bu ugurda özara pikir alyşdylar.


Selbi ILÝASOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby