Täsirli geçen maslahat

 Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni mynasybetli 2021-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Magtymguly Pyragynyň mirasy we Türkmenistanyň medeni-ynsanperwer syýasaty” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata Halkara gatnaşyklary institutynyň we beýleki ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyp ýaşlar, şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgärleri gatnaşdylar.

 Maslahadyň umumy mejlisinde “Magtymguly Pyragynyň ylmy-filosofiki we edebi-çeper mirasy türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjiliginiň belent nyşany”, “Magtymgulynyň döredijiliginde ekologiýa we ynsanperwerlik meselesi”, “Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda dost-doganlygyň, agzybirligiň waspy”, “Magtymguly Pyragynyň ýaşlarymyza pent bolar ýaly öwüt-ündew goşgularynyň ähmiýeti” atly temalardan çykyşlar edildi. Şeýle hem Berkerar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň ýaşlara bilim we terbiýe bermekdäki ähmiýeti barada durlup geçildi.

 Maslahatda Magtymguly Pyragynyň türkmen halkynyň öňündäki iň uly hyzmatlarynyň biri onuň agzybirlik ugrundaky tagallasy barada saldamly pikirler aýdyldy. Maslahat örän gyzykly we täsirli geçdi.


Aknur ALLABERDIÝEWA

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby