TÄSIRLI DUŞUŞYK

 2021-nji ýylyň 4-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda talyplaryň gyşky dynç alyş möwsümini has-da täsirli geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň işgärleriniň gatnaşmagynda Halkara žurnalistikasy we Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetleriniň talyplary bilen duşuşyk geçirildi.

 Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň baş hünärmeni Begenç Berdiýew çykyş edip, paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygynyň dabaraly ýagdaýda bellenip geçiljekdigini, şeýle-de paýtagtymyzyň ösüş taryhy hakynda giňişleýin gürrüň berdi. Duşuşygyň barşynda talyplara hormatly Prezidentimiziň öz halkyna peşgeş beren “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” kitaby esasynda surata düşürilen hem-de “Aziýanyň merjeni” adyna eýe bolan gözel paýtagtymyzyň ösüş taryhyny görkezýän “Türkmenistana syýahat” atly dokumental filmleri görkezildi. Görkezilen kinofilmler talyplarda hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde bedew bady bilen ösüşlere eýe bolýan, günsaýyn gözellik nury çaýylýan Watanymyz baradaky buýsançlaryny goşalandyrdy. 

 Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzy gülledip ösdürmek ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.


Jennet OMAROWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň 

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.