Täsir galdyran onlaýn okuw sapagy

 2021-nji ýylyň 17-nji iýunynda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Serdarmämmet Garajaýew Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplaryna wideoaragatnaşyk arkaly okuw sapagyny geçdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan gurnalan okuwlaryň bu nobatdaky onlaýn sapagy talyplaryň bilim derejesini has hem kämmilleşdirmek maksady bilen geçirilýär.

 Okuw sapagynyň dowamynda hormatly ilçi Birleşen Arap Emirlikleriniň XX asyryň ikinji ýarymyndan soňky durmuş-ykdysady taýdan ösüşi barada giňişleýin maglumat berdi. Hem-de dostlukly ýurduň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň üstünde durup geçdi. Sapakda Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky syýasy, diplomatik, söwda, ykdysady, medeni we gumanitar ugurlardaky hyzmatdaşlygyň has-da ösdürmek işlerine aýratyn üns berildi.

 Okuw sapagynyň ahyrynda talyplar hormatly ilçä iki dostlukly ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen sowallary berdiler we bu ugurda özara pikir alyşdylar.

 

Eziz MYRATGULYÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.