Taryhda öçmejek yz galdyran Baky Bitarap we Garaşsyz Türkmenistan

«Garaşsyzlyk, Bitaraplyk - ösüşiň goşa ganaty» atly çeper-publisistik makalalar bäsleşigine

Mähriban halkymyzyň, Watanymyzyň baş baýramy - uludan toýlanylýan şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýy bosagada dur. Gadymy ata-babalarymyzyň, Magtymguly atamyzyň arzuwlan, ýürekden söýen asyrlar boýy «Berkarar döwlet islärin» diýen islegleri 1991-nji ýylda hasyl bolup, Garaşsyz Türkmen döwleti emele geldi.

Garaşsyzlyk döwletlilikdir. Garaşsyzlyk – halkyň Arşa ganat açmasy. Garaşsyzlyk – milletiň geçmişe-geljege ýaň salýan erkinlik hem parahatlyk mukamy bolup durýar.Türkmenistanyň Garaşsyzlygy türkmen bagtynyň täze belentlige göterilmesidir, türkmen ruhunyň we mertebesiniň täzeden dabaralanmasydyr. Çünki Garaşsyzlyk zamanynda merdana ata-babalarymyzyň asyrlarboýy ýüreklerinde ýaşadan arzuw- umytlary, erk-islegleri nesil dowamatynda täze ruhda, täze öwüşginde hasyl boldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyz merdana türkmen halkynyň at-owazasyny täze röwüşde äleme ýaýdy, milletiň mertebesini parahatçylyk söýüji, ynsanperwer halk hökmünde jümle-jahana ykrar etdirdi.

Özbaşdaklygyň ilkinji günlerinden başlap, milli ösüş ýoluny kesgitlän ýurdumyz döwrüň talabyna laýyklykda özgertmeleriň giň toplumyny amala aşyrdy. Döwlet Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynyň içinde ýurdumyzda gazanylan ösüşleriň ählisi agzybir halkymyzyň ýaşaýyş­-durmuş şertlerini has­da gowulandyrmaga gönükdirilen beýik işlerden gözbaş alýar. Türkmenistanyň uglewodorod serişdelerini dünýä bazaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ugratmak syýasatynda 2009-njy ýylda dört döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda ulanylmaga berlen “Asyryň taslamasy” adyny alan Türkmenistan- Özbegistan- Gazagystan- Hytaý gaz geçirisi, 2015­-nji ýylda «TürkmenÄlem 52⁰E» atly Türkmenistanyň ilkinji emeli aragatnaşyk hemrasynyň Älem giňişligine çykarylmagy, 2017-­nji ýylda sebitde ilkinji bolup iri sport ýaryşlarynyň — Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň paýtagtymyzda geçirilmegi, 6-njy awgustda Türkmenistanda, Hazaryň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň geçirilmegi we mundan başgada çäreler, Garaşsyz döwletimiziň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan wakalar boldy.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda durmuş ugurly bazar ykdysadyýetiniň milli nusgasyny kemala getirmek babatynda ägirt uly üstünlikler gazanyldy hem-de häzirki wagtda içerki bähbitleri we dünýä bileleşiginiň globallaşmagynyň umumy meýillerini nazara almak bilen, bu nusgany düýpli kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.

2020-nji ýylyň makroykdysady netijeleri Türkmenistanyň agrar ýurt bolmagyndan senagat taýdan ösen döwlete öwrülendiginiň aýdyň subutnamasyny boldy.

Türkmenistan beýleki döwletler bilen özüniň daşary ykdysady gatnaşyklaryny işjeň ösdürýär. Bu gün Türkmenistan dünýäniň 100-den gowrak ýurdy bilen daşary söwda gatnaşyklaryny alyp barýar.

Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynyň içinde gazanan üstünliklerimize ser salanymyzda, ençeme işleriň durmuşa geçirilendigine göz ýetirýärsiň. Üstünlikleriň sakasynda duran Mähriban Arkadagymyza tutýan tutumlarynyň mundan beýlägem pajarlap ösmegini, ýurdumyzyň asuda, halkymyzyň abadan bolmagyny arzuw edýärin. Türkmen halkyny eşretli zamana alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaç bolsun! Şanly Garaşsyzlyk baýramy gutly-mübärek bolsun!


Aýjahan GULHANOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

  Halkara gatnaşyklary institutynyň 1-nji ýyl talyby