“Talyp gözeli –2021” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry

 2021-nji ýylyň 5-nji martynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Halkara zenanlar güni mynasybetli ýokary okuw mekdepleriniň arasynda her ýyl geçirilýän “Talyp gözeli” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy. Oňa Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Zenanlar birleşiginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleri we institutymyzyň professor-mugallymlary gatnaşdylar.

 Jemleýji tapgyrda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bu ugurda deslapky tapgyrda ýeňiji bolan talyplaryň 21-si özara bäsleşdiler. Onda talyp gözeller çeper keşplerde özleriniň iş başarjaňlygyny, ugurtapyjylygyny, buýsançlaryny, keşp we edep gözelligini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny açyp görkezdiler.

 Bäsleşikde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Gülnäz Ataýewa ýeňiji bolup, baş baýragy eýeledi. Jemleýji tapgyrda biziň Halkara gatnaşyklary institututymyzyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Gytja Atdaýewa hem gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdi we baýrakly orna mynasyp boldy.

 Bäsleşigiň ahyrynda Diýarymyzda zenanlarymyza, gelin-gyzlarymyza  goýulýan belent sarpany has-da arşa galdyrmak ugrunda alyp barýan taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş sözleri aýdyldy.



Tawus AKJAÝEWA,

 Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby