Selbi MUHAMMEDOWA

«Garaşsyzlyk, Bitaraplyk - ösüşiň goşa ganaty» atly çeper-publisistik makalalar bäsleşigine

“Garaşsyzlyk, Bitaraplyk-ösüşiň goşa ganaty”

“Türkmenistanyň ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürmegiň 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Baş ugry” 2007-nji ýylda kesgitlenildi. Bu Milli maksatnamanyň tutanýerli durmuşa geçirilmeginde pederlerimiziň asyrlar boýy toplan tejribesini iş ýüzünde ulanyp, asylly däplere eýerip Watanymyzy ösen ýurtlaryň hatarynda ornuny hemişelik eýelemegi göz öňüne tutulýar. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda ýurdumyzda ykdysady taýdan ösdürmeklige aýratyn üns berilýär. Adamlaryň abadan durmuşyny, azyk bolçulygyny döretmeklik, halal zähmetiň rähnetini görmegini üpjün etmek barada yzygiderli aladalar edilýär. Şeýlede Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda Garaşsyz Türkmenistan dünýäniň beýleki döwletleri bilen, şonuň ýaly-da sebitiň döwletleri bilen özara bähbitli, doslukly gatnaşyklary ýola goýýar.

Türkmen halkynyň mukaddeslik gymmatlygy bolan Garaşsyzlygyň netijesinde täze kärhanalaryň döredilmegi bäsleşige ukuply önümleriň harytlaryň bolçulygyny döretmeklik barada yzygdiderli aladalar edilýär. Halkyň ýaşaýşyny gowulandyrmak barada ýaşaýyş jaýlaryň täze döwrebap ulgamlary döredilýär. Ýol ulag aragatnaşyk ulgamlary hem düýpgöter özgerdilýär. Bu bolsa sebitiň döwletleri bilen söwda aragatnaşyklaryň giňelmegine öz oňaýly täsirini ýetirýär.

Türkmenistanda oba hojalygynyň gaýtadan işleýän senagatynyň, ýangyç-energetika toplumynyň, dokma pudagynyň, ulag, saglygy goraýyş, bilim, söwda, gurluşyk, telekeçilik ulgamlary, ruhubelent we merdana işgärlerimiz, tutuş halkymyz uly üstünlikleri gazandy. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda gurluşyk, söwda, bilim, telekeçilik, saglygy goraýyş pudaklarynda, gaýtadan işleýän senagatda, oba hojalygynda gazanan üstünlikleri bilen bu gün dünýäniň agzybirligi we ylalaşdyryjy merkezi, parahatçylygyň ojagy hökmünde Türkmenistan giňden tanalýar.

“Garaşsyzlygy gazanmak diýmek has düýpli meseledir, halkymyzyň öz milli baýlyklarynyň hem doly hukukly eýesi bolmaklygynyň manysynda, onuň gymmaty bimöçberdir.” diýip Hormatly Prezidentimiz nygtady. Garaşsyzlyk döwründe gurmak we döretmek ýolundan ynamly öňe barýam Türkmenistanda ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar.

Ýurdy özgertmekde bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport, oba hojalyk ulgamynda gaýtadan işleýän senagaty döretmek esasynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar.  Bu işleri amala aşyrmakda innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan döwrebap binalarda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, şeýlede raýatlaryň saglygyny berkitmek, sagdyn durmuş kadalaryna eýermek, sport bilen meşgullanmak, ylmy işleri alyp barmak üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllarynda bilimiň, ylymyň gazananlaryny, innowasion tehnologiýalary, ylmy açyşlary önümçilige ornaşdyrmak bilen birlikde önümçiligiň täze pudaklaryny gaýtadan işleýän senagata uly üns bermek esasynda uly özgerişler gazanylýar. Bu özgerişleriň gazanylmagynda bilimli, ylymly, ýokary hünärli, medeniýetli ýaşlaryň ýetişdirilmegi olaryň täze tehnologiýalardan baş çykarmagy özüniň ajaýyp miwelerini berýär.

Selbi MUHAMMEDOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba

hojalyk uniwersitetiniň Dokma önümçiligi fakultetiniň

Tebigy süýümleri egirmek hünäriniň 

 4-nji ýyl  talyby