Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanyp geçirilen ylmy-amaly maslahat

 2021-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy: parahatçylygyň we abadançylygyň, milli jebisligiň hem-de geljege ynamyň belent nyşanlary” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa institutyň professor mugallymlary we talyp ýaşlary, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň hünärmenleri gatnaşdylar.

 Maslahatda “Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň kanun çykaryjylyk işiniň konstitusion ýörelgeleri”,“Halkara hukugyny berjaý etmek – dünýä parahatçylygynyň çeşmesi”,“Konstitusion özgertmeler – geljekki üstünlikleriň hukuk kepili”,“Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kämilleşdirilmegi” ýaly temalar boýunça çykyşlar ýerine ýetirildi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýurdumyzyň ýagty geljeginiň, halkymyzyň abadan ýaşaýşynyň aýdyň kepili bolup, amala aşyrylýan Konstitusion özgertmeler ýurdumyzyň hukuk binýadyny pugtalandyrmakda möhüm äýmiýete eýedir.

 Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar berkarar döwletimizi ösüşlere tarap ynamly öňe alyp barýan hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Laçyn BERDIMYRADOWA, 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň 

 Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.