Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň mümkinçiliklerine bagyşlanan maslahat

2021-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň mümkinçiliklerine bagyşlanan maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy we institutyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakulteti tarapyndan guralan bu maslahata ýurdumyzyň telekeçilik ulgamynyň wekilleri, “Ýaş ykdysatçylar” ylmy gurnagynyň agzalary,  ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary gatnaşdylar.

Maslahatda "Sungat eseri" hojalyk jemgyýetiniň direktory, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň şäher komitetiniň agzasy Eziz Beknazarow, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy Dädebaý Nazkulyýew we beýlekiler çykyş edip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň hususy pudagy ösdürmek babatda alyp barýan syýasatynyň durmuşa üstünlikli geçirilmegi netijesinde ýurdumyzda telekeçilik ulgamynyň täze belent sepgitlere çykandygyny nygtap aýtdylar. Çykyş edenler şeýle hem “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” tassyklanylmagynyň, “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” işini utgaşdyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna giň mümkinçilikleri açýandygyny bellediler.

Maslahatda tejribe alyşmakda we göni işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmakda bilelikdäki duşuşyklaryň, ylmy-amaly maslahatlaryň we beýleki çäreleriň geçirilmeginiň uly ähmiýetiniň bardygy nygtalyp geçildi.

Maslahata gatnaşyjylar ýaşlary telekeçilik işine giňden çekmekde berýän çäksiz goldawlary üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

 

 Aýjahan Gulhanowa, 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara ykdysady gatnaşyklary

 fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.