SAGLYGYM - BAŞ BAÝLYGYM

   2021-nji ýylyň 5-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek, şeýle hem zyýanly endiklerden gaça durmak we sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Aşgabat şäher arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek meseleleri boýunça edarasynyň hem-de Saglygy goraýyşyň habarlar merkeziniň wekilleriniň gatnaşmagynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda häzirki wagtda saglygyň hem-de arassaçylygyň wajypdygynyň ýiti ýüze çykýan döwründe döwlet Baştutanymyzyň raýatlaryň sagdyn bolmagy, ýaşaýan ýerlerimiziň arassa bolmagy, ýurdumyzda öndürilýän azyk önümleriniň adam saglygy üçin peýdaly bolmagy, ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi ugrunda edýän tagallalary barada, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň peşgeş beren “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitaplarynyň ähmiýeti, dermanlyk ösümlikleriniň adam bedenine edýän täsiri, tebipçilik häsiýetleri barada giňişleýin, sada we düşnükli dilde, mysallar arkaly gürrüň berildi. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatyndaky esasy maksady adam saglygy baradaky alada bolup, ýurdumyzyň raýatlarynyň gündelik durmuşynda sarp edýän azyk önümleriniň  we beýleki zatlarynyň ekologiýa taýdan howpsuzlygyny üpjün etmek babatynda bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Maslahatyň ahyrynda ýaş nesliň bilimli, sagdyn, berk bedenli, watansöýüji adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda ähli şert-mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş sözleri aýdyldy.

 

Aýgül MÄTIÝEWA, 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň

halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.