Saglyga bagyşlanan wagyz-nesihat çäresi geçirildi

 2021-nji ýylyň 21-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň Meýilnamasyny ýaşlara giňden  düşündirmek hem-de dünýäniň häzirki epidemologiki ýagdaýyny nazara alyp, öňüni alyş çäreleriniň talyp ýaşlar tarapyndan berjaý edilişini kämilleşdirmek maksady bilen, wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa bu ýokary okuw mekdebiniň talyp ýaşlary gatnaşdylar.

 Wagyz nesihat çäresinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň başlygy Rüstem Mämmedow, şeýle-de institutyň IÝG-niň başlygy çykyş edip, talyplara hormatly Prezidentimiziň saglyk syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmegiň zerurlygy, şeýle-de sagdyn iýmitlenmegiň we arassaçylyk kadalaryny berjaý etmegiň ýollary barada gürrüň berdi.

 Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar hormatly Prezidentimize sagdyn durmuş ýörelgesiniň durmuşa içgin ornaşdyrylmagy ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin hoşallyk sözlerini aýtdylar.


Mähriban HUDAÝGULYÝEWA, 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatanşyklary institutynyň talyby.