«Sagdyn durmuş ýörelgesiniň kadalaryny talabalaýyk berjaý etmekligiň adamyň durmuşynda tutýan orny we ähmiýeti» atly wagyz-nesihat çäresi

 2021-nji ýylyň 18-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Sagdyn durmuş ýörelgesiniň kadalaryny talabalaýyk berjaý etmekligiň adamyň durmuşynda tutýan orny we ähmiýeti» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyk talyplaryň tomusky tejribeliklerine ugramazdan öň hem-de tomusky dynç alyş möwsüminde özlerini tertipli alyp barmaklary hem-de olaryň ulag dolandyrmazlygy we öz janlaryny howp astyna salmakdan goramaklygy, ýol hereketiniň düzgünlerini talabalaýyk berjaý etmekligi wagyz-nesihat etmek maksady bilen geçirildi. Bu wagyz-nesihat çäresine institutyň okuw işleri boýunça prorektory G. G. Ýusupowa, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň 4-nji bölüminiň Aýratyn tabşyryklar boýunça uly gözegçisi, polisiýanyň maýory Nazar Osmanow, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Aşgabat şäheriniň Talyplar saglyk öýüniň lukmany Şemşat Arabowa, şeýle hem institutyň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

 Çäräniň başynda institutyň okuw işleri boýunça prorektory G.Ýusupowa çykyş etdi. Şeýle-de Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň wekili sürüjileriň we pyýadalaryň deň sazlaşykly hereket edip, ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmelidigi, zyýanly endikleriň adamyň durmuşyna ýetirýän zyýany barada düşündirdi. Soňra Aşgabat şäheriniň Talyplar saglyk öýüniň lukmany çäräniň geçirilmeginiň many-mazmuny, onuň maksady, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kadalaryny berjaý etmegiň her bir türkmen raýatynyň borjudygy, hem-de hormatly Prezidentimiz tarapyndan saglyk ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan işler dogrusynda belläp geçdi. Soňra maslahaty institutyň okuw işleri boýunça prorektory G. G. Ýusupowa jemläp, şular ýaly wagyz-nesihat çärelerden her kimiň dogry netije çykarmaklaryny berk ündedi we wagyz-nesihat çäreleriniň yzygiderli dowam etdiriljekdigini belledi.

 Wagyz-nesihat çäräniň ahyrynda, hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek babatynda alyp barýan ähli tutumlarynyň rowaç bolmagy arzuw edildi.

 

Merjen  JUMAGYLYJOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň  
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.