Psihologiýanyň we pedagogikanyň esaslary: milli tejribe

2021-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Psihologiýanyň we pedagogikanyň esaslary: milli tejribe” atly okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahaty institutyň okuw işleri boýunça prorektory G.Ýusupowa alyp bardy. Maslahata institutyň halypa mugallymlary bilen birlikde ýaş öwreniji mugallymlary hem gatnaşdylar.

Täsirli geçen maslahatda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Psihologiýa we pedagogika kafedrasynyň mugallymy Oguljuma Akmämmedowa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiriniň w.w.ý.ý., filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Ogulgurban Ezimowa çykyş etdiler.  Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň 1-nji sentýabrda ýaşlar bilen geçiren okuw sapagynyň mugallymlar üçin nusgalyk, görelde sapagy bolandygyny buýsanç bilen nygtadylar. Şeýle-de halypa mugallymlar psihologiýanyň we pedagogikanyň inçe syrlary, talyplarda okaýan dersine bolan gyzyklanmany döretmek, mugallymyň ussatlygy, okatmagyň häzirki zaman işjeň usullary barada gürrüň berdiler. Sorag-jogap alyşma esasynda geçen okuw maslahatynda halypa mugallymlar özleriniň baý tejribesi bilen paýlaşdylar.

Çykyş edenler Diýarymyzda ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda uly tagallalary edýän, milli tejribä daýanyp, ýaşlara bilim-terbiýe bermekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

Miwe NABATOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

 Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.