“TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI” KITABYNYŇ ÖZBEK DILINDÄKI NEŞIRINIŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

 2021-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň özbek dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa institutyň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary gatnaşdylar.

 Häzirki döwürde türkmen-özbek hyzmatdaşlygy many we hil taýdan ýokary derejelere göterilýär. Bu neşiriň çapdan çykmagy bolsa Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň täze alamatyna öwrüldi. Tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda kitabyň özbek dilinde  neşir edilmeginiň dostlukly özbek halky üçin türkmen halkynyň  milli däp-dessurlary, asylly ýörelgeleri, baý taryhy we medeni mirasy hakynda maglumatlary ene dilinde okamaga mümkinçiligi barada, iki dostlukly ýurduň özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklarynyň ösdürilýändiginiň ýene bir subutnamasy bolup durýandygy barada bellenilip geçildi. Şeýle hem, çykyş edenler kitabyň hytaý, rus, azerbaýjan, ýapon, gruzin, ukrain, türk we arap dillerinde neşir edilmeginiň daşary ýurtly okyjylar üçin türkmen halkynyň medeniýeti, milli mirasy, baý taryhy, gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan asylly ýörelgeleri barada içgin tanyşmaga ajaýyp mümkinçilikdigini bellediler. Täze neşiriň çapdan çykmagy türkmen-özbek halklarynyň arasyndaky däp bolup gelýän dostlukly gatnaşyklary mundan beýläkde ösdürmäge ýardam eder.


Jennet OMAROWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň 

 Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.