Peýdaly maslahatlar berildi

2021-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda bu ýokary okuw mekdebiniň jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň wekilleriniň gatnaşmagynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy­ — ömrümiziň rahatlygy”  atly biraýlyk çärä bagyşlanan wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda pyýadalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen ýerasty we ýerüsti geçelgeleriň gurulýandygyny, ýolagçylaryň ýol hereketiniň düzgünlerini dogry berjaý etmek, jemgyýetçilik ýerlerinde sözleýiş medeniýetine üns bermek, käbir hukuk bozulmalar üçin milli kanunçylykda göz öňünde tutulýan jogapkärçilige çekilýändigi barada aýtdylar. Şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegiň, kadaly iýmitlenmegiň, dogry geýinmegiň we Gün şöhlesinden goranmagyň, agyz-burun örtüklerini dogry dakynmagyň düzgünleri barada giňişleýin maglumat berdiler. Duşuşygyň ahyrynda maslahata gatnaşanlar hormatly Prezidentimize halkymyzyň saglygyny we abadançylygyny goramakda alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

Merjen AŞYROWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara

 žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.