BMG Bütindünýä radio gününi resmi taýdan ykrar edýär we goldaýar

 2011-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda UNESCO-nyň Baş konferensiýasy 13-nji fewraly Bütindünýä radio güni diýip yglan etdi. 1946-njy ýylyň 13-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan BMG-niň radiosy döredilipdi. 2013-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan bu sene resmi ýagdaýda makullanyldy we BMG-niň Baş Assambleýasynyň 67-nji mejlisinde 13-nji fewral Bütindünýä radio güni diýip yglan etmek baradaky Kararnama kabul edildi.

 Ilkibaşda bu teklip UNESCO-nyň ýanyndaky Ispaniýanyň hemişelik wekiliýeti tarapyndan hödürlenildi. Bütindünýä radio gününi döretmek baradaky başlangyç Ispaniýanyň radio akademiýasynyň prezidenti Horhe Alvares tarapyndan öňe sürüldi. 

 Radio adamlaryň alyp barýan işleri, gazanýan üstünlikleri, ýetýän sepgitleri we dürli meseleleri baradaky maglumatlary ýaýratmagyň ygtybarly serişdesi bolmak bilen, möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin umumy giňişligi emele getirýär. Ählumumy derejede bolsa radio köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň içinde has giň gerimli giňişligi öz içine alýanlaryň hatarynda durýar. Radio diňleýjileriniň has köp bolmagy, jemgyýetiň dürli wekilleriniň pikir-garaýyşlaryny diňleýjä ýetirmäge ýardam berýär. Radio stansiýalary bolsa dürli görnüşli diňleýjilere niýetlenen, has giň gerimli gepleşikleri halk köpçüligine hödürleýär.

 Radio, adamlaryň bilim derejelerine garaşsyz hem-de jemgyýetiň meseleleri üçin netijeli maslahatlaşmalara gatnaşmak üçin ähli mümkinçilikleri döredip bilýän, has uzak ülkelerde ýaşaýan we ilatyň gowşak gatlaklaryny hem öz içine almaga ukyply elýeterli maglumat serişdesi bolup durýar. Şeýle hem, radio adatdan daşary ýagdaýlar dörände ýa-da tebigy hadysalar ýüze çykanda ilaty habarly etmekde möhüm serişde hasaplanýar.

 Radionyň adamlary ýakynlaşdyrmak we oňyn gepleşikleri alyp barmak üçin hem özboluşly mümkinçilikleri bardyr.

 Radiokomiteti bolsa öz gezeginde, diňleýjilerini diňlemek we olaryň isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, dürli garaýyşlary bolan we seljerme berip bilýän adamlar üçin öňde durýan meseleleri çözmekde esasy orny eýeleýän meýdançany emele getirýär.

 Bütindünyä radio gününiň bellenilmeginiň maksady halk köpçüligini maglumatlar bilen habarly etmekden, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, hususan-da radionyň ähmiýetini ýokarlandyrmakdan, radionyň üsti arkaly elýeterliligi üpjün etmekden, şeýle hem radioýaýlymlar birleşikleriniň arasynda halkara hyzmatdaşlygy we aragatnaşyklary berkitmekden ybaratdyr. 


Laçyn Hümmedowa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnasyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby