Öňüni alyş diplomatiýasy we köptaraplaýyn gepleşikler başarnyklary boýunça okuw sapagy

2022-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky Merkezi bilen hyzmatdaşlykda “Öňüni alyş diplomatiýasy we köptaraplaýyn gepleşikler başarnyklary” boýunça okuw sapagy geçirildi. Bu okuw sapagyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplarydyr mugallymlary gatnaşdylar. Okuw sapagynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky Merkeziniň Ýolbaşçysy Jon MakGregoryň täsirli çykyşy diňlenildi. Jenap MakGregor “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna esaslanyp, ÝHHG-niň irki duýduryş gurallaryny öňe sürmek” atly taslamasyny ylmy maglumatlar esasynda beýan etdi.

Okuw sapagynyň dowamynda halkaraçy talyplar hormatly ilçä özlerini gyzyklandyrýan sowallary bilen ýüzlendiler. Diplomatik gullugynyň baý tejribesine eýe bolan ilçi özüne berlen sowallara giňişleýin jogap bermek bilen, talyplara geljekki hünär ugurlarynda ýokary derejelere eýe bolmaklaryny arzuw etdi.


Batyr ESENOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.