Täsirli onlaýn-sapaklar dowam edýär

 2021-nji ýylyň 18-nji iýunynda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atajan Möwlamow Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplaryna wideoaragatnaşyk arkaly okuw sapagyny geçirdi. Bu okuw sapagy Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan gurnalýan toplumlaýyn onlaýn sapaklarynyň nobatdakysy bolup, institutyň talyplarynyň diplomatiýa bilen bagly bilim derejesini has hem kämilleşdirmek maksady bilen geçirilýär.

 Okuw sapagynyň dowamynda hormatly ilçi hindi-pakistan gatnaşyklary barada giňişleýin maglumat berdi. Okuw sapagynda çykyş eden hormatly ilçi ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň taryhy,  şol geçen taryhy döwürde alnyp barlan hyzmatdaşlygyň aýratynlyklary hakynda gürrüň berdi.

 Okuw sapagynyň ahyrynda talyplar hormatly ilçä Türkmenistanyň, Pakistan Yslam Respublikanyň we Hindistan Respublikasynyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen sowallary berdiler we bu ugurda özara pikir alyşdylar.



Selbi ILÝASOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.