Ilçi bilen geçirilen onlaýn okuw sapagy

 2021-nji ýylyň 16-njy iýunynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetniýaz Maşalow Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplaryna wideo aragatnaşyk arkaly okuw sapagyny geçdi. Bu okuw sapagy Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan gurnalýan toplumlaýyn onlaýn sapaklarynyň nobatdakysy bolup, institutyň talyplarynyň diplomatiýa ugrundan bilim derejesini has hem kämmilleşdirmek maksady bilen geçirilýär.

 Okuw sapagynyň dowamynda hormatly ilçi Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda energetika pudagynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk barada giňişleýin maglumat berdi.  Ilçi şeýle hem okuw sapagynyň barşynda iki dostlukly ýurduň gatnaşyklarynyň geljegi barada gürrüň berdi.

 Okuw sapagynyň ahyrynda talyplar hormatly ilçä iki dostlukly ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen sowallary berdiler we bu ugurda özara pikir alyşdylar.

 

Eziz MYRATGULYÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.