Gender deňligi barada onlaýn sapagy

 2021-nji ýylyň 5-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň  hem-de Halkara Ynsanperwer  ylymlary we ösüş uniwersitetiniň arasynda gender deňligi boýunça ikitaraplaýyn tejribeleri paýlaşmaga gönükdirilen  onlaýn okuw sapagy geçirildi. Oňa iki ýokary okuw mekdebiniň professor mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Bu onlaýn okuw sapagy  türkmen  hem  iňlis dillerinde  alnyp baryldy.

 Sapagyň dowamynda  çykyş edenler  gender deňliginiň  Türkmenistanda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygyny, gender syýasatynyň  işjeň alnyp barylýandygyny nygtadylar. Sapakda şeýle-de ýurdumyzda  aýallaryň zähmet hukuklary, zenanlaryň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere deň hukukly gatnaşmagynda uly  ýardam berýän işjeň gender syýasaty barada we  Türkmenistanyň gender deňligi hakyndaky goşulşan halkara konwensiýalary, meýilnamalary dogrusynda hem-de milli kanunçylykda hereket edýän kanunlar babatynda çykyşlar edildi.

 Täsirli geçen okuw sapagynyň ahyrynda çykyş edenler  ýurdumyzda gender syýasatynyň dabaralanmagy üçin taýsyz tagallalary edýän, eziz Watanymyzyň dünýä ýüzündäki at-abraýyny belende galdyrýan Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.


Şahnoza EMINOWA, 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnşyklary institutynyň

Halkara hukugy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby