Onlaýn maslahat geçirildi

 2021-nji ýylyň 27-nji maýynda BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (UNESCAP) “Milli mümkinçiliklerini pugtalandyrmak babatynda Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde iň yza galýan ilat toparyny anyklamak boýunça” atly birinji onlaýn maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň hünärmenleri, ýaş ilçiler, ýurdumyzdaky akademiki toparlaryň, seljeriş merkezleriniň bilermenleri, şeýle hem pudak edaralarynyň we raýat jemgyýetleriniň wekilleri göni wideo aragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.

 Onlaýn maslahatda Durnukly ösüşiň bähbitleri üçin parahatsöýüji, açyk jemgyýeti gurmaga ýardam etmek, hemmeler üçin adalatlylygy elýeter etmek, şeýle hem ähli derejede giň gatnaşyklara esaslanan edaralar bilen üpjün etmeklige gönükdirilen meselelere üns berildi. Maslahatyň dowamynda BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasyndaky meseleler we onda amala aşyryljak geljekki ädimler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de maslahata gatnaşyjylar türkmen döwletiniň öz üstüne alan borçnamalaryny birkemsiz ýerine ýetirýändigini hem-de ählumumy Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge özüniň parahatsöýüjilik we döredijilik mümkinçiliklerini gönükdirýändigini belläp geçdiler.


Gurbanjemal EGIRJÄÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň 

 Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.