OKUW-MASLAHATY GEÇIRILDI

  2021-nji ýylyň  17-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň bilelikde guramagynda sanly ulgam arkaly “Ýaşlar Watanymyzyň güýji, kuwwaty, abraý-mertebesi we beýik geljegidir” atly okuw-maslahaty geçirildi. Oňa institutyň meýletinçi talyplary gatnaşdylar. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlarynyň alyp barmagynda “Ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleriň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýeti” ady bilen geçirilen bu okuw-maslahatynda gyzykly sorag-jogap alyşmalar, peýdaly maslahatlar täsirliligi bilen tapawutlandy. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Aýlar ATAJYKOWA, 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.