Okuw maslahaty

 2021-nji ýylyň 3-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň bilelikde guramagynda sanly ulgam arkaly hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen “Ýaşlar Watanymyzyň güýji, kuwwaty, abraý-mertebesi we beýik geljegidir” atly okuw maslahaty geçirildi.

 Bu okuw maslahata ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň meýletinçi talyp ýaşlary sanly ulgam arkaly gatnaşdylar. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžiner tehnologiýalar uniwersitetiniň wekili “Ylym we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça ýaş alymlary taýýarlamagyň ähmiýeti” atly temada çykyş etdi. Okuw maslahatynyň dowamynda gyzykly sorag-jogap alyşmalaryň örän peýdaly we täsirli bolandygyny aýdyp bolar. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Mähriban  Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Dünýägözel ÇARYÝEWA, 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby