Okuw dersleri boýunça Döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri

 “Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň okuw dersleri boýunça Döwlet bäsleşigini geçirmek hakynda” Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2021-nji ýylyň 14-nji iýunynda çykaran 160-njy buýrugyna laýyklykda 2021-nji ýylyň 16-njy iýunynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda okuw dersleri boýunça geçirilen Döwlet bäsleşiginiň jemi jemlenip, ýeňijileriniň sanawynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň bolmagy hem bizi diýseň begendirýär.

 Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen okuw dersleri boýunça Döwlet bäsleşiginde Iňlis dili dersi boýunça Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa hünäriniň 2-nji ýyl talyby Rahmet Soltanow, Halkara žurnalistikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby Yhlas Atamyradow II orna, Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa hünäriniň 4-nji ýyl talyby Şageldi Çopanow II orna we institutyň bu ders boýunça toparlaýyn bäsleşikde III orna; Rus dili dersinden Halkara ykdysady gatnaşyklary hünäriniň 1-nji ýyl talyby Ogulbagt Ataýewa II orna, şol hünäriň 3-nji ýyl talyby Diýar Lomanow III orna, Matematika dersinden Halkara ykdysady hünäriniň 3-nji ýyl talyby Akmyrat Tirkeşow II orna we Ykdysadyýet dersinden Halkara ykdysady gatnaşyklary hünäriniň 4–nji ýyl talyby Leýli Annaberdiýewa III orna mynasyp boldular.

 Institutyň rektoratynyň we professor-mugallymlarynyň adyndan ýeňiji talyplarymyzy gutlaýarys we geljekde institutymyzyň ýeňijileriniň sanynyň ýyl saýyn artyp, hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamyny özgertmek ugrunda alyp barýan işlerinde özleriniň saldamly goşantlaryny goşarlar diýip umyt edýäris!  

 

 

Gülşat ÝUSUPOWA,

 Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara
gatnaşyklary institutynyň okuw işleri boýunça prorektory