Wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky okuw sapagy

 2021-nji ýylyň 21-nji iýunynda Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Berdimyrat Rejepow Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplaryna wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly okuw sapagyny geçirdi. Bu okuw sapagy Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan gurnalýan toplumlaýyn onlaýn sapaklarynyň nobatdakysy bolup, institutyň talyplarynyň diplomatiýa bilen bagly bilim derejesini has hem kämilleşdirmek maksady bilen geçirilýär.

 Okuw sapagynyň dowamynda hormatly ilçi “Türkmenistanyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky saglygy goraýyş ugrunda hyzmatdaşlyk” atly tema bilen çykyş etdi. Okuw sapagynda çykyş eden hormatly ilçi ýurtlaryň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň aýratynlyklary hakynda gürrüň berdi.

 Okuw sapagynyň ahyrynda talyplar hormatly ilçä Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen sowallary berdiler we bu ugurda özara pikir alyşdylar.

Eziz MYRATGULYÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.