HOŞALLYK DABARASY

2021-nji ýylyň 1-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Çynar Täjiýewna Rüstemowanyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (UNESCO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary wezipesine bellenendigi mynasybetli hoşallyk dabarasy geçirildi. Dabara institutyň professor-mugallymlary gatnaşdylar.

Hoşallyk dabarasynyň dowamynda institutyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew çykyş edip, halypa mugallym Çynar Rüstemowanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny durmuşa geçirmekde bitiren hyzmatlary barada aýratyn belledi. Mundan beýläk hem halkara gatnaşyklarynda möhüm orna eýe bolan BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy (UNESCO) bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da berkitmekde alyp barjak işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Institutda zähmet çeken döwründe köp ýyllaryň dowamynda gazanan iş tejribesini talyplar bilen paýlaşyp, olaryň söýgüsine, hormatyna mynasyp bolandygy üçin hormatly Ilçä aýratyn hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Öz gezeginde Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Çynar Rüstemowa hem özüne bildirilen uly ynamy ödemekde ähli ukyp-başarnygyny gaýgyrman, ak ýürekden Watana gulluk etjekdigi barada hormatly Prezidentimizi we dabara gatnaşyjylary ýene bir gezek ynandyrdy.

Hoşallyk dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebine aýratyn üns-alada bilen gurşaýan mähriban Arkadagymyza köp sagbolsun aýtdylar.


                                                                                                                                                                                                                                                                           Jemile PÜRJÄÝEWA, 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň

Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti Kafedrasynyň mugallymy