Halkara Parahatçylyk güni

Her ýylyň 21-nji sentýabrynda  dünýä jemgyýetçiligini Halkara parahatçylyk gününi giňden belleýär. Ähli ýurtlaryň we halklaryň arasynda parahatçylyk ideaýallaryny dabaralanmagyny alamatlandyrýan Halkara Parahatçylyk güni Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 1981-nji ýylda döredildi. BMG ähli ýurtlary we halklary bu senäniň bellenilmegi mynasybetli duşmançylygyň  bes edilmegine we baýramçylyk çärelerini halka bilim bermek we görnüşinde geçirmäge çagyrýar.

Bitarap döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy maksatlaryndan biri sebitde we bütin dünýäde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek işine ýardam bermekden ybaratdyr. Bu ugurda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen halkara başlangyçlary aýratyn ähmiýete eýedir. Şu nukdaýnazardan, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisiniň 106-njy umumy mejlisinde BMG-a agza ähli döwletleriň gatnaşmagynda “2021-Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak ýyly “ kararyny biragyzdan kabul edendigi bellärliklidir.

Ýakynda Hormatly Prezidentimiziň BMG-nyň Baş Assambleyasynyň 76-njy sessiyasynda onlaýn arkaly çykyş edip , sebit howpsuzlygy bilen baglanyşykly täze başlangyçlary öňe sürmegi halkara parahatçylyk gününi giňden bellemäge täze many mazmun berdi. Durnukly ösüşiň 2021-njy ýyl üçin gün tertibiniň “ Durnukly ösuş bolmasa parahatçylyk bolup bilmez we parahatçylyk bolmasa durnukly ösüş bolup bilmez” diýilýär. Şoňa göräde Halkara Parahatçylyk gününde Durnukly ösüş parahatçylygyň sazlaşykly alnyp barylmagyna uly ähmiýet berilýär.

 

Gülbahar ÖWEZNIÝAZOWA

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 

Halkara gatnaşyklary institutynyň 

 Halkara gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.