“Meniň söhbetdeşim” bäsleşiginiň jemi jemlendi

 Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen Türkmenistanyň Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan ugur alyp, ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň zehin başarnyklary bilen ähli halkymyzy tanyş etmek we ýaş žurnalistleriň hünär başarnyklaryny hasda kämilleşdirip, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini artdyrmak, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýan, ähli ulgamlarda zähmet çekýän ildeşlerimiziň alyp barýan işlerini söhbetdeşlik görnüşinde halk köpçüligine ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi, “türkmengazet.com” saýty bilen bilelikde ýaşlaryň arasynda ýurdumyzda bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Meniň söhbetdeşim” atly žurnalistikanyň söhbetdeşlik žanryna degişli eserleri ýazmak boýunça bäsleşik geçirildi. 2021-nji ýylyň 22-nji iýunynda bäsleşigiň jemi boýunça ýer alan ýaşlara hormat hatlary we baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Baýrakly orunlary eýelänleriň aglabasynyň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň bolmagy bolsa, has-da buýsandyryjydyr. Olaryň arasynda Seýli Aryşow, Aýsenem Ataýewa, Mähriban Hudaýgulyýewa, Jahan Öräýewa, Dilnoza Muhadowa, Sona Halykowa, Aýlar Atajykowa, Gyzlargül Annagurdowa, Ýulduz Babamuradowa, Gunça Hamedowa, Hatyja Döwletnazarowa dagylar bar. Biz talyplarymyzy şeýle baýrakly orunlara mynasyp bolmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.

Mähriban HUDAÝGULYÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.