Türkmenistanyň we Fransiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda Özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekildi.

 2021-nji ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Ýewropanyň Howpsuzlyk we Mümkinçilikler institutynyň arasynda Özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekildi. Bu waka türkmen-fransuz ylym-bilim gatnaşyklaryny ösdürmekde, şeýle hem, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak babatynda tejribe alyşmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.

 Dabaranyň dowamynda taraplar halkaraçy hünärmenleri taýýarlamakda bilelikdäki tejribäni gazanmagy maksat edinýän bu resminamanyň iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini giňeltmekde esas boljakdygyny nygtadylar.

 Resminama gol çekip, türkmen tarapy ýurdumyzyň Fransiýa bilen syýasy, söwda, ykdysady we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürjekdigini we onuň ylmy özenini berkitmegi nazarlaýan köptaraplaýyn gatnaşyklaryň has-da depginli alnyp baryljakdygyny belläp geçdi.

 Mundan başga-da, taraplar Ähtanamanyň amala aşyrylmagynda bilelikdäki ylym-bilim taslamalarynyň, duşuşyklarynyň, saparlaryň möhümligini nygtadylar.

 Dabaranyň ahyrynda, oňa gatnaşyjylar iki ýurduň döwlet ýolbaşçylaryna şular ýaly özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda berýän goldawlary üçin hoşallyk bildirdiler.

Kuwwat MÄMEDOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň

halkara gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby