Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk

 2020-nji ýylyň  10-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Diego Ruiz Alonso, Ilçiniň orunbasary Renato Wrobel we wekilhananyň işgäri Näzik Öwlýakulowanyň gatnaşmagynda institutyň talyplary we mugallymlary bilen duşuşyk geçirildi.

 Myhmanlar institutda hereket edýän Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkeziniň işi bilen tanyşdylar we merkezde alnyp barylýan okuw-usuly hem-de ylmy işleriň netijelerine, durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede ornaşdyrmaklyk, onuň esasy wezipeleri barada wagyz-nesihat işlerini geçirmek boýunça amala aşyrylýan işlere ýokary baha berdiler.

 Soňra Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Diego Ruiz Alonso institutyň talyplarynyň öňünde Ýewropa Bileleşigi bilen ýurdumyzyň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk, bilelikdäki taslamalar we ylym-bilim ulgamynda gazanylan ylalaşyklaryň amala aşyrylyşy hem-de beýleki birnäçe meseleler boýunça çykyş etdi.

 Hormatly myhman soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigi gatnaşyklarynyň okgunly ösýändigini kanagatlanmak bilen belledi. Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasy işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň wajypdygyny nygtady.

 Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşan talyplar we mugallymlar Hormatly myhmana Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerine degişli  soraglary berdiler we olar boýunça pikir alyşdylar.


Jemal REMATULLAÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby