“Martensiň okaýyşlary-2021” atly Halkara ynsanperwerlik hukugy boýunça XIV Halkara ylmy-amaly maslahaty

 2021-nji ýylyň 27-nji maýynda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň, Halkara hukugy boýunça Russiýanyň Assosiasiýasynyň hem-de Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetiniň gurnamagynda “Martensiň okaýyşlary-2021” atly Halkara ynsanperwerlik hukugy boýunça XIV Halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Bu halkara derejesinde geçirilen maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

 Maslahat esasy bölümden hem-de iki sany bölümçede alnyp baryldy. Esasy bölümde ““Martensiň Ogoworkasy” häzirkizaman garaýyşlary”, “Nýunberg Halkara harby tribunalynyň netijeleriniň Halkara ynsanperwerlik hukugyna täsiri” hem-de “Halkara ynsanperwerlik hukugy we pandemiýa” atly temalar boýunça halkara hukukçylaryň çykyşlary gurnaldy. Birinji bölümçede “Pandemiýa döwründe Akademiki institutlar we Halkara ynsanperwerlik hukugynyň okadylyşy”, ikinji bölümçede bolsa “Pandemiýa döwründe ynsanperwerlik işleriniň alnyp barylyşy” barada halkara guramalaryň wekilleri çykyş etdiler.

 Halkara derejesinde halkara hukugynyň pudaklary bilen baglanyşykly geçirilýän maslahatlara mugallymlaryň we talyplaryň işjeň gatnaşmagy, olaryň halkara hukugy boýunça bilimleriniň has hem artmagyna we kämilleşmegine uly ýardam berýär.

 

Merjen GURBANNAZAROWA

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň 

 Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy.