Ykdysady diplomatiýa ugry boýunça okuw sapagy

2022-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlarynyň “Ykdysady diplomatiýa” ugry boýunça okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagyny institutyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy Akmuhammet Jumagulyýew alyp bardy. Bu okuw sapagy “Türkmenistanyň energetika we ykdysady diplomatiýalarynyň özara baglanyşygy we utgaşyklygy” atly tema boýunça geçirildi. Sapagyň dowamynda häzirki döwürde döwletleriň daşary syýasatynyň möhüm ykdysady ugry, energetika diplomatiýasynyň özara baglanyşygy, ösüşi, energetika ulgamynyň wajyp orny, ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň berildi.  Okuw sapagyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary işjeň gatnaşdylar. Talyplar üçin okuw sapagy örän täsirli boldy. Täze-täze maglumatlara baý bolan sapagyň dowamynda talyp ýaşlar mugallyma özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlendiler.


Nedir AGAÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara ykdysady gatnaşyklary

 fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.