Ulag diplomatiýasy boýunça tegelek stol

2021-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarynyň we halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda “Türkmenistan we halkara guramalar: ulag pudagyndaky hyzmatdaşlyk” atly temadan tegelek stol geçirildi.

Bu tegelek stola Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektorlary, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy, ulag diplomatiýasy boýunça Halkara Merkeziň ýerine ýetiriji direktory, BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlary boýunça ýokary wekili we Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi gatnaşdylar.

Halkara bilermenleriň çykyşlarynda bellenilip geçilişi ýaly, ulag pudagyndaky hyzmatdaşlyk we bu ugurda edilýän tagallalar döwletleriň dünýä ykdysady ýagdaýyna gatnaşmagynyň möhüm bölegi bolup durýar. Döwletleriň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň mümkiçilikleriniň giňeldilmegi üçin  Türkmenistan halkara guramalary bilen bilelikde gatnaw, söwda we gümrük düzgünlerini kämilleşdirmek babatynda birnäçe taslamalary amala aşyrdy. Halkara guramalaryň goldawy bilen birnäçe halkara maslahatlar, şol sanda BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty Aşgabatda geçirildi. Şol maslahatyň dowamynda ulag pudagynda döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine itergi berýän 4 sany halkara resminama kabul edildi.

Ulag we aragatnaşyk pudagynda halkara taslamalary durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň ähmiýeti we geosyýasy artykmaçlyklary bellenilip geçildi.

Şeýlelikde, ulag meseleleri boýunça bilermenleriň gatnaşmagynda geçirilen tegelek stol dünýäniň ulag ulgamynyň ösüşi we Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara başlangyçlary barada pikir alyşmak üçin möhüm meýdança öwrüldi.


Merdan BERDINYÝAZOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa

kafedrasynyň mugallymy.

Terjime eden:

Baýnazar NEPESOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara gatnaşyklary fakultetiniň

 II ýyl talyby.