“Dünýäniň bar görki – enedir, ene!” atly dürli dillerdäki çeper okaýyş bäsleşigi

2021-nji ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Dünýä dilleri kafedrasynyň “Lingvo World” ylmy gurnagynyň guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli “Dünýäniň bar görki – enedir, ene!” atly dürli dillerde çeper okaýyş bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşige institutyň Halkara hukugy fakultetiniň talyp gyzlary iňlis we nemes dillerinde, Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyp oglanlary fransuz dilinde, Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyp gyzlary bolsa hytaý dilinde taýýarlan çykyşlary, goşgudyr aýdymlary bilen gatnaşdylar.

Halkara hukugy fakultetiniň 102-nji toparynyň talyby Amanbagt Ussaýewa iňlis dilinde Halkara zenanlar gününiň döreýşi we bu baýramyň nyşany bolan mimoza güli barada, şeýle hem meşhur türkmen we amerikan syýasatçy, adwokat, diplomat, şahyr, aktrisa zenanlary barada prezentasiýa bilen çykyş etdi we Enäniň adam durmuşyndaky orny barada çärä gatnaşyjylar bilen sorag-jogap alyşdy. Halkara hukugy fakultetiniň 302-nji toparynyň talyby Şahnoza Eminowa bolsa enelere bolan söýgini nemes dilinde ýerine ýetiren goşgusy bilen beýan etdi. Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 303-nji toparynyň talyplary Diýar Lomanow we Merdan Baýjanow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” atly kitabyndan indi dünýä inmeli bäbegiň Allatagala bilen söhbetdeşligi baradaky rowaýaty fransuz dilinde ýerine ýetirdiler. Talyp Merdan Baýjanow “Halkara zenanlar güni” we “Jennet eneleriň dabanynyň astyndadyr.” diýen jümleleri institutda okadylýan daşary ýurt dillerinde prezentasiýanyň üsti bilen beýan etdi. Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 304-nji toparynyň talyby Sona Halykowa Hytaý Halk Respublikasynda eneleriň baýramynyň bellenilişi barada prezentasiýa bilen çykyş etdi. Talyp Diýar Lomanow enelerimizi fransuzça goşgynyň üsti bilen, Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 104-nji toparynyň talyby Bägül Merdanowa bolsa hytaýça aýdym aýdyp gutlap berdi.

Bu çäräniň bilim berijilik, ösdürijilik we terbiýeleýjilik häsiýete eýe bolandygyny belläp, bäsleşige eminlik eden mugallymlar talyplara sag bolsun aýdyp, okuwlarynda üstünlikleri arzuw edip, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen yglan edilen “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýip atlandyrylan 2021-nji ýylyň bahar paslynyň ilkinji aýynda bellenilýän Halkara zenanlar güni bilen eziz enelerimizi, mähriban gelin-gyzlary, talyp gyzlary gyzgyn gutladylar.



Ogulbeg GAZAKOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

  Halkara gatnaşyklary institutynyň Dünýä

dilleri kafedrasynyň fransuz dili mugallymy,

 “Lingvo World” ylmy gurnagynyň agzasy