Halkara parahatçylyk güni

1981-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden 36/67 belgili Karary esasynda her ýylyň “Sentýabr aýynyň üçünji sişenbesi –  parahatçylyk güni” diýip  yglan edilýär. Şondan 20 ýyl soň, 2001-nji ýylda BMG-niň biragyzdan kabul edilen 55/282 belgili Kararynyň netijesinde 2002-nji ýyldan bäri, Halkara parahatçylyk güni her ýylyň 21-nji sentýabrynda ählumumy ýaraşyk we zorluksyz gün hökmünde bütin dünýäde bellenilip geçilýär.  Şeýle-de bu sene ähli yurtlaryň arasynda milli we halkara derejesinde parahatçylyk pikirlerini we başlangyçlaryny pugtalandyrýan gün hökmünde yglan edilýär. 

Halkara parahatçylyk gününiň “Parahatçylyk kepderisi” atly nyşanynyň bolmagy bu baýramçylygyň ähmiýetini has-da artdyrýar. Aslynda, bu nyşan Pablo Pikasso tarapyndan 1949-njy ýylda bolup geçen ilkinji dünýäde parahatçylygy goldaýanlaryň gurultaýy üçin döredilýär. Halkara parahatçylyk gününde dünýäniň dürli künjeginde “parahatçylyk” mowzugyna bagyşlanan çäreler, baýramçylyk dabaralary gurnalýar. Şol ýurtlar bilen birlikde dünýäde bitaraplyk ýörelgesi esasynda  parahatsöýüjiligi we ynanyşmagy goldaýan ata Watanymyz Türkmenistan hem öz işjeňligini görkezýär. Muňa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde hormatly Prezidentimiziň öňe süren başlangyjy esasynda “2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmeginiň biragyzdan goldanylmagynyň mysalynda hem aýdyp bileris. Bu Kararnamanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň diňe bir parahatçylykly ýurt bolman, eýsem ähli ugurlar boýunça syýasy, ykdysady, medeni, jemgyýetçilik we bilim ugurlary boýunça daşary ýurtlar bilen hoşniýetli gatnaşyk saklaýan ýurtdygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň edara binasynyň biziň ýurdumyzda ýerleşmegi hem parahatçylygy, howpsuzlygy we rowaçlygy pugtalandyrmak boýunça biziň umumy tagallalarymyza mynasyp goşandynyň bolmagydyr.


Gülsenem HOMMADOWA, 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş

 kafedrasynyň öwreniji mugallymy.