Intellektual Eýeçiligiň Bütindünýä Guramasy (WIPO) tarapyndan okuw maslahaty geçirildi

 2021-nji ýylyň 22-nji iýunynda Intellektual Eýeçiligiň Bütindünýä Guramasy (WIPO)  tarapyndan “Patent hyzmatdaşlygy şertnamasy: nyrhlar we peýdalar” atly hem-de 24-nji iýunda “Intellektual Eýeçiligiň Bütindünýä Guramasynyň akademiýasynyň mysalynda bu Gurama we onuň alyp barýan işlerine syn” atly okuw maslahatlaryna şu ugurlaryň bilermenleri we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler minstrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň mugallymlary hem-de talyplary sanly wideoaragatnaşyk arkaly  okuw-maslahatyna gatnaşdylar.

 Maslahatda patent şertnama ulgamynda tejribe alyşmakda we göni işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmakda bilelikdäki duşuşyklaryň, sanly ulgam arkaly maslahatlaryň we beýleki çäreleriň geçirilmeginiň uly ähmiýetiniň bardygy nygtalyp geçildi.

 

 Rahym ŞAMEÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.