Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde Parahatçylygyň we Ynanyşmagyň ähmiýeti nygtaldy

 2021-nji ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde Halkara parahatçylygyň we ynanyşmagyň ähmiýeti” atly onlaýn tegelek stol duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistan Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew, Okaýama uniwersitetiniň uly wise-prezidenti Atsufumi Yokoi, Okaýama uniwersitetiniň prezidentiniň ýerine ýetiriji geňeşçisi, ilçi, Ýaponiýanyň öňki Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekiliniň orunbasary, professor Toşiýa Hoşino, Türkmenistan Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy Gapbar Hallyýew,  Okaýama uniwersitetiniň ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary, professor Mitsunobu Kano, Institutyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby Diýar Lomanow, şeýle hem Okaýama uniwersitetiniň talyby Teraşima Miýu dagylar gatnaşdylar.

 Tegelek stol duşuşygyna gatnaşyjylar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň dünýäniň iň uly we abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasy bilen häzirki zamanyň möhüm ugurlary boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigini, şeýle hem biziň ýurdumyzyň parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş tagallalaryna ägirt uly goşant goşýandygyny bellediler. Mundan başga-da, çykyş edenler Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2021-nji ýyl - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly kararnamasynyň kabul edilmeginiň aýratyn ähmiýetlidigini nygtadylar.


Gapbar HALLYÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

 Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.