Ilkinji okuw sapagy

   2021-nji ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň bilim edaralarynyň 2020-2021-nji okuw ýylynyň II ýarymynyň başlanmagy mynasybetli «Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen at bilen ilkinji okuw sapaklary başlandy. Parahatçylyk we ynanyşmak, agzybirlik we dost-doganlyk, hyzmatdaşlyk – türkmen halkynyň milli ýörelgesidir. Bu ýörelgeleri bütin dünýäde dabaralandyrmak maksady bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan parahatçylyk dörediji, durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün ediji döwlet hökmünde dünýädäki abraýyny has-da artdyrdy. Ýaşlary ynsanperwer ruhda terbiýelemegiň aýdyň subutnamasy hökmünde 2020-2021-nji okuw ýylynyň ikinji ýarymynda okuw sapaklaryny we okuw-terbiýeçilik işlerini, meýilleşdirilýän sport çärelerini  hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden we egsilmez yhlasyndan dörän ajaýyp eserleriniň many-mazmuny bilen jebis baglanyşdyryp geçirmek göz öňünde tutulýar.

Aýgül MÄTIÝEWA, 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby