Ilçi bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk

 Türkmenistanyň Daşary işleri ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň diplomatiýa bilen bagly bilim derejesini has hem kämilleşdirmek maksady bilen, 2021-nji ýylyň 31-nji maýynda bu ýokary okuw mekdebinde Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň toplumlaýyn onlaýn sapaklarynyň ilkinjisi geçirildi. Ilkinji onlaýn sapak Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky ilçisi Sylapberdi Nurberdiýew bilen Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň arasynda “Türkmenistan bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasy bilen alnyp barylýan işler” temasyna bagyşlanyp, wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi.                      

 Duşuşygyň barşynda  Türkmenistanyň ÝHHG bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly ilçi guramanyň sebitde howpsuzlygy üpjün etmek, şol sanda terrorçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna we adam söwdasyna garşy göreşmek babatynda alyp barýan işleri hakynda jikme-jik gürrüň berdi.

 Duşuşykda Türkmenistanda häzirki zaman sanly köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ornaşdyrmak babatda bilelikdäki başlangyçlaryň we taslamalaryň ösdürilmeginde ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň möhüm orny beýan edildi.

 Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasy bilen gatnaşyklaryň geljekde mundan beýläk hem ösdürilmegi dogrysynda pikir alyşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidiljekdigine we ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

 

Baýnazar NEPESOW,

Türkmenistanyň Daşary işleri ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.