Hoşallyk maslahaty

2021-nji ýylyň 10-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda  Hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahata institutyň professsor-mugallymlary gatnaşdylar. Maslahat hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 9-njy fewralynda wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatyndan gelip çykýan  Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň daşary syýasat ugruny amala aşyrmak boýunça geçen, 2020-­nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine  hem­-de şu ýyl üçin ileri tutulýan wezipeleriň kesgitlenilmegine we öňde goýlan meselelerine  bagyşlanyldy.

Maslahaty institutyň ýolbaşçysy açmak bilen, institutyň Türkmenistanyň daşary-syýasy strategiýasyny we diplomatiýasyny ylmy esasda öwrenmek babatda meýilnamalaýyn alnyp barylýan ylmy-­barlag işleriniň netijesinde daşary syýasatyň we diplomatiýanyň derwaýys meseleleri boýunça işleriň alnyp barylýandygy we geljekde bu işleri kämilleşdirip amala aşyryljakdygy barada nygtap geçdi.

Maslahatda halypa diplomatlar taryh ylymlarynyň doktory, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amangeldi Rahmanowyň, tehniki ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Çary Nyýazowyň çykyşlarynda  Gahryman Arkadagymyzyň wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda beren tabşyryklaryna jogap edip, häzirki zaman ösen tehnologiýasyny okuw iş maksatnamalarynda ýerlikli ulanmagyň we täzeçilligi ornaşdyrmagyň usullary barada durlup geçildi.

Mundan başga-da, maslahatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli daşary syýasatyny amala aşyrmakda, daşary ýurt döwletleri bilen syýasy, söwda-ykdysady, ylym­-bilim, medeni-­ynsanperwer we beýleki ugurlardaky gatnaşyklaryny ösdürmekde we berkitmekde, daşary ýurtlarda Türkmenistanyň döwlet bähbitlerini, ýurdumyzyň abraýly halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklaryny giňeltmekde şahsy goşandyny go­şan Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärlerini sylaglamak maksady bilen, “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryş nyşanynyň mähriban Arkadagymyz tarapyndan döredilendigine  öz hoşallyklaryny bildirdiler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar oňyn bitaraplyk, ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge, halkara gatna­şyklar ulgamynda Türkmenistanyň ornuny berkitmäge gönükdirilen daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirýän hem­de ählumumy abadançylygyň, gülläp ösüşiň we rowaçlygyň maksatlaryna kybap gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli alyp barýan hormatly Prezidentimiziň döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin alkyş sözlerini aýtdylar.


Gurbanjemal Egirjäýewa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

 Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby