Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde sanly ulgam arkaly çykyşynyň ähmiýeti barada geçirilen maslahat

2021-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde sanly ulgam arkaly çykyşynyň taryhy ähmiýetine bagyşlanan maslahat geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň (Nýu-Ýork şäheri), ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we mugallymlary çykyş etdiler. Maslahata ýurdumyzda hereket edýän halkara guramalaryň wekilhanalarynyň hem-de ilçihanalarynyň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we mugallymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ähli diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary onlaýn görnüşde gatnaşdylar.

Her ýylyň sentýabr aýynda Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýokary derejeli mejlisi geçirilýär. Şu ýylky geçirilýän 76-njy mejlisiniň gün tertibiniň esasy meseleleri koronawirusa, howanyň üýtgemegine garşy göreş, şeýle hem Owganystandaky ýagdaýlar barada boldy.

Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda sanly ulgam arkaly bu mejlisde eden taryhy çykyşynda hem BMG-niň düzümleriniň we agzalarynyň ählisiniň jemlenmegi bilen umumy wehime garşy göreşde üstünlik gazanyp boljakdygyna ynam bildirdi. Şol bir wagtda hormatly Prezidentimiz Bütindünýä saglygy goraýyş ulgamynda umumy çagyryşlara netijeli jogaplary işläp düzmek boýunça köpugurly gepleşikler üçin esasy meýdança hökmünde belledi hem-de koronawirusa garşy göreş we ony has çuňlaşdyryp öwrenmek üçin BSGG-niň çäklerinde birnäçe dünýä we sebit gurallaryny döretmegi teklip etdi we adatdan daşary ýagdaýlar şertlerinde halkara ulag ulgamlaryny dikeltmek we olaryň durnuklylygyny berkitmek babatda işleri işjeňleşdirmegiň zerurlygyna üns çekdi. Öz çykyşynda hormatly Prezidentimiz Owganystandaky ýagdaý boýunça hem birnäçe meseleler hem-de Aral deňzi babatynda öňe sürlen teklipler barada hem belläp geçdi. Çykyşynyň ahyrynda bolsa, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň gatnaşyjylaryny 2021-nji ýyl “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli geçiriljek halkara foruma çakylyk ugratdy. 

Institutda geçirilen maslahatda hem hormatly Prezidentimiziň bu mejlisde eden çykyşyndaky öňe süren esasy meseleleriň ähmiýeti we bu ugurdaky täze ylmy garaýyşlary durmuşa geçirmek babatynda pikirler alşyldy. Hususan-da, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow öz çykyşynda türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň öňünde birnäçe wezipeleri goýdy. Ýagny, hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisindäki maksatnamalaýyn çykyşyny hem-de öňe süren halkara başlangyçlaryny ylmy taýdan öwrenmegiň zerurdygyny, ýokary okuw mekdeplerinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda bu ugurdan ýöriteleşme sapaklary girizmegiň maksadalaýykdygyny, hormatly Prezidentimiziň halkara derejesinde öňe sürýän başlangyçlaryny hem ylmy taýdan giňişleýin öwrenmek we durmuşa geçirmek maksady bilen talyplara ylmy işleri ýazmalydygyny nygtamak bilen, çykyşynda öňde goýlan anyk wezipeleri belläp geçdi.


Merjen GURBANNAZAROWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň 

 Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy.