HALKARA DOSTLUK GÜNI

30-njy iýulda bütin dünýäde möhüm şanly sene — Halkara dostluk güni bellenýär. Bu halkara güni bellemek başlangyjy Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasyna (ÝUNESKO) degişlidir.

2011-nji ýylyň 27-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasy 65-nji mejlisinde 65/275 belgili Rezolýusiýasy bilen 30-njy iýuly «Halkara dostluk güni» diýip yglan etdi we halkara, döwlet we sebit guramalaryny bu güni medeni däp-dessurlara laýyklykda bellemäge çagyrdy. Bu Rezolýusiýada halkara senäniň dürli halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde möhümdigini aýratyn nygtalýar. Bu sene döwletleriň, halklaryň, medeniýetleriň we şahsyýetleriň arasyndaky özara dostluk, parahatçylyk tagallalaryna ylham berip, medeni köpdürlüligi hormatlaýan jemgyýetleriň arasynda köpri gurmaga mümkinçilik döredýär.

Rim syýasatçysy we filosofy Siseronyň belleýşi ýaly, dünýäde dostlukdan gowy we ýakymly zat ýokdur. Dostlugy durmuşdan aýyrmak dünýäni Gün şöhlesinden mahrum etmek bilen deňdir.

Dostluk döwletleri we medeniýetleri ýakynlaşdyrýar, olaryň özara gatnaşyklaryny güýçlendirýär. Bu halkara günüň döredilmegi dostlugyň çuňňur manysynyň we wajyp ähmiýetiniň ykrarnamasy bolup, dünýäniň ähli adamlarynda asylly we bahasyna ýetip bolmajak duýgularyň ýüze çykmasydyr.

Häzirki wagtda dünýäniň köp ýurtlarynda her ýylyň 30-njy iýulynda dostlugy wagyz etmek, şeýle hem daşymyzy gurşaýanlara bolan oňyn garaýşy ösdürmek bilen baglanyşykly dürli çäreler geçirilýär.


Gözel EMINOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara

žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.